Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Онсоң Дарюш патышаның буйрук бермеги билен Бабылдакы хазыналарың сакланян ша архивлеринде барлаг гечирилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:1
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ata-babalaryňyzyň taryh ýazgylaryny barladyň. Taryh ýazgylarynda siz bu şäheriň pitneçi, patyşalara we welaýat häkimlerine zyýanly şäherdigine göz ýetirersiňiz. Irki döwürlerde-de bu şäherde gozgalaňlar turupdyr. Şol sebäplem ol haraba öwrüldi.


Meniň buýruk bermegim bilen barlag geçirildi hem-de bu şäheriň geçmişde patyşalaryň garşysyna baş galdyrandygy we onda pitne, gozgalaň turandygy anyklanyldy.


Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Men ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adama rugsat berilsin diýip buýurýaryn.


Garyplara atadym, ýatlaryň hukuklaryny gorardym.


Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.


Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.


Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.


Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy.


Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ