Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Биз Яхуда этрабына, бейик Худайың өйүне барандыгымызы, сизиң алыхезретлериңизе мәлим эдйәрис. Ол ёнулан дашлардан ве диварларына агач өрүмлер гойлуп, салнып йөр. Бу иш җаныпкешлик билен үстүнликли алнып барыляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 5:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilen ýahudy nesilleri Iýerusalime we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp geldiler.


Hatyň mazmuny şeýledi: «Patyşa Darýuşa dogaýy salam!


Onsoň biz olaryň ýaşulularyndan: „Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?“ diýip soradyk.


Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.


Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin.


Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gögüň Hudaýy tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin.


Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.


Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy:


Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.


Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar.


Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ