Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleri patyşa Darýuşa hat ýazdylar.
Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.