Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy. Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Иерусалимдәки Худайың өйүнден – ыбадатханасындан Небукаднесар тарапындан алнан ве Бабыл бутханасына гетирилип гойлан алтын, күмүш гап-гачлары Куреш патыша Бабыл бутханасындан чыкартды. Ол затлар Шешбасар атлы бир адама говшурылды. Оны Куреш патышаның өзи хәким белләпди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 5:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.


Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy.


Kureş patyşa oňa: ‘Bu gap-gaçlary al-da, Iýerusalimdäki ybadathana eltip goý hem-de Hudaýyň öýüni öňki ýerinde gurdur’ diýdi.


Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.


Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“».


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


«Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:


«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.


Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ