Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма аталарымызың Гөгүң Худайының гахарыны гетирендиклери себәпли, Ол олары кесетлерден болан Бабыл патышасы Небукаднесарың элине берди. Небукаднесар болса бу өйи йыкып, халкы Бабыла есир эдип әкитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 5:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.


Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.


Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.


Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi.


Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ