Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 4:9 - Mukaddes Kitap

9-10 Şeýle-de Rehum serkerde, Şimşaý mürze, olaryň ýaranlary: häkimler, wekiller, emeldarlar, parslar, erekliler, babyllylar, Suzadaky eýlamlylar, beýik hem şöhratly Osnaparyň göçürip, Samariýanyň galalarynda we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýerleşdiren milletleri patyşa hat ýazdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9-10 Шейле-де Рехум серкерде, Шимшай мүрзе, оларың яранлары: хәкимлер, векиллер, эмелдарлар, парслар, эреклилер, бабыллылар, Сузадакы эйламлылар, бейик хем шөхратлы Оснапарың гөчүрип, Самарияның галаларында ве Евфрат дерясының гүнбатарындакы велаятда ерлешдирен миллетлери патыша хат яздылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 4:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.


Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Rehum häkim we Şimşaý mürze dagy Iýerusalimi ýamanlap, patyşa Artakserkse hat ýazdylar.


Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?»


Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleri patyşa Darýuşa hat ýazdylar.


Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň.


Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?»


Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.


Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ