Ezra 4:7 - Mukaddes Kitap7 Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап7 Артаксерксиң патышалыгы дөврүнде-де Бишлам, Митредат, Табеел ве оларың яранлары Парс патышасы Артаксерксе хат яздылар. Хат арамей дилинде язылып, терҗиме эдилди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler.
Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.