Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 4:24 - Mukaddes Kitap

24 Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шейдип, Худайың Иерусалимдәки өйүниң дикелдиш ишлери тогтадылды. Бу ягдай Парс патышасы Дарюшың патышалыгының икинҗи йылына ченли довам этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 4:24
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler.


Artakserks patyşanyň hatynyň nusgasy Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň we olaryň ýaranlarynyň öňünde okalan badyna, olar howlukmaçlyk bilen Iýerusalime ýahudylaryň ýanyna baryp, zorluk we güýç bilen olary işi togtatmaga mejbur etdiler.


Ýahudalaryň niýetlerini amala aşyrtmazlyk üçin, olaryň garşysyna maslahatçylar tutdular. Bu ýagdaý Pars patyşalary Kureşiň patyşalyk eden döwründen tä Darýuşyň döwrüne çenli dowam etdi.


Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler.


Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler.


Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Bu öý Adar aýynyň üçüne, Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy.


Men hem olara çapar ýollap: «Men bu wagt gaty wajyp iş bilen meşgul, şonuň üçin baryp biljek däl. Onsoňam men siziň ýanyňyza baryp gelýänçäm, näme iş dursunmy?» diýdim.


Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Indi men saňa hakykaty aýdyp bereýin. Pars ýurdundan ýene-de üç patyşa çykar. Dördünji patyşa olaryň hemmesinden baý bolar. Ol baýlygynyň üsti bilen güýçlenende, hemmäni Gresiýa patyşalygyna garşy aýaga galdyrar.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.


Indi şu günden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda pikir ediň. Rebbiň ybadathanasynda daş üstüne daş goýulmazdan öň


Şu günden, ýagny dokuzynjy aýyň ýigrimi dördünden – Rebbiň ybadathanasynyň düýbi tutulan gününden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda mazaly oýlanyň.


Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Hawa, ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus hem bu babatda gaýta-gaýta synanyşdym, ýöne şeýtan bize päsgel berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ