Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 4:20 - Mukaddes Kitap

20 Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Иерусалимде гүйчли патышалар болуп, олар Евфрат дерясының гүнбатарындакы бүтин велаята хөкүм йөредйән экенлер. Олара салгыт, пач, төлег төленилйән экен.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 4:20
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.


Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.


Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar.


Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşyp, oňa boýun egdiler. Siriýalylar mundan beýläk ammonlylara kömek etmek islemediler.


Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.


Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.


Biz muny patyşa aýan edýäris. Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, onda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda siziň raýatlygyňyz bolmaz».


Meniň buýruk bermegim bilen barlag geçirildi hem-de bu şäheriň geçmişde patyşalaryň garşysyna baş galdyrandygy we onda pitne, gozgalaň turandygy anyklanyldy.


Şonuň üçin ol adamlara işi bes etmegi buýruň. Menden buýruk bolýança, bu şäher täzeden gurulmasyn.


Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ