Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Иерусалимдәки Худайың өйүне гайдып геленлеринден соң, икинҗи йылың икинҗи айында Шеялтыелиң оглы Зерубабыл ве Ёсадагың оглы Ешува өз галан адамлары, руханылар, левилер ве есирликден бошап, Иерусалиме геленлериң әхлиси билен ише башладылар. Левилериң йигрими ве ондан ёкары яшлыларыны Реббиң өйүниң ишине гөзегчилик этмәге белледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem kazylar,


Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.


Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.


Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.


Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.


Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ