Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шонуң үчинем олар даш ёнуҗылара, нечҗарлара пул, сидонлылара ве сурлулара Ливандан деңиз үсти билен Яфо ченли кедр агачларыны гетирмеклери үчин иймит, ичги ве зейтун ягыны бердилер. Олара бу затлары этмәге Парс патышасы Курешден ругсат барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.


Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».


Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler.


Emma Rebbiň öýüne getirilen kümüşden Rebbiň öýi üçin hiç hili kümüş legenler, müçenekler, şakäseler, surnaýlar ýa-da altyndan, kümüşden başga hiç hili gap-çanaklar ýasalmandy.


Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler.


Ýedinji aýyň birinji gününden başlap, olar Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berip başladylar. Emma Rebbiň ybadathanasynyň entek düýbi tutulmandy.


Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler.


Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.


Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ