Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Соңра хемишелик якма гурбанлыкларыны, Тәзе Айда ве Реббиң мукаддес байрамларында берилйән садакалары ве хер кимиң Реббе мейлетин садакаларыны бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.


Ýedinji aýyň birinji gününden başlap, olar Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berip başladylar. Emma Rebbiň ybadathanasynyň entek düýbi tutulmandy.


Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.


Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny, beýleki gurbanlyklary bermekde lewi ruhanylary hiç wagt kemlik etmez“».


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.


Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.


Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň.


Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».


Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ