Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Худайың адамы Мусаның канунында язылышы ялы, Ёсадагың оглы Ешува бейлеки руханылар билен, Шеялтыелиң оглы Зерубабыл өз гарындашлары билен Ысрайылың Худайына якма гурбанлыкларыны бермек үчин, гурбанлык сыпасыны ясадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:2
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.


Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.


Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.


Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.


Immeriň nesillerinden Hanany we Zebadýa;


Harymyň nesillerinden Magaseýa, Eliýa, Şemagýa, Ýehiýel we Uzyýa;


Paşhuryň nesillerinden: Elýogeýnaý, Magaseýa, Ysmaýyl, Netanel, Ýozabat we Elgasa.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýeşuwa bilen gelen ruhanylardyr lewiler: Seraýa, Ýermeýa, Ezra,


Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler.


Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.


Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.


Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň,


Gidegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ