Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Олар Ребби алкышлап, Оңа шүкүр эдип: «Реб ягшы, Онуң Ысрайыла болан сөйгүси бакы» дийип, нагма айтдылар. Ребби алкышланларында, бүтин халк улы шовхун этди, себәби Реббиң өйүниң дүйби тутулыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:11
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.


Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy.


Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.


Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi.


Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.


Şükür edýänleriň iki topary Hudaýyň öýünde durdy. Men hem ýanymdaky baştutanlaryň ýarysy bilen durdum.


Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.


Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.


«Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –


Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!


Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,


Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.


Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.


Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


„Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir?


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.


Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň Äht sandygyny göterdip, ähli adamlar bilen bile galanyň daşyndan bir gezek aýlandy. Soňra adamlar yzlaryna düşelgä dolanyp geldiler we olar gijäni şol ýerde geçirdiler.


Bu gala we ondaky ähli zatlar Rebbe aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok edilmeli. Loluçylyk bilen gününi görýän Rahapdan we onuň öýündäkilerden başga ýekeje adam hem diri galmaly däldir, sebäbi Rahap biziň iberen içalylarymyzy gizläp saklady.


Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ