Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Уссалар Реббиң ыбадатханасының дүйбүни тутанларында, Ысрайыл патышасы Давудың гиризен дүзгүнине гөрә, йөрите лыбасларыны гейнен руханылар сурнайлар, Асафың неслинден болан левилер болса кимваллар алып, Реббе алкыш айтмак үчин өңе чыкдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 3:10
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.


Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy.


Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy.


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.


on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam;


Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler.


Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi.


Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular.


Aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz ýigrimi sekiz adam.


Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.


Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!


Indi şu günden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda pikir ediň. Rebbiň ybadathanasynda daş üstüne daş goýulmazdan öň


«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.


Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ