Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 2:68 - Mukaddes Kitap

68 Käbir urugbaşylar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne gelenlerinde, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltmek üçin, meýletin sadakalar berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

68 Кәбир уругбашылар Иерусалимдәки Реббиң өйүне геленлеринде, Худайың өйүни өңки еринде дикелтмек үчин, мейлетин садакалар бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 2:68
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Rebbiň perişdesi Gada ýabusly Ornanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmalydygyny Dawuda aýtmagy emr etdi.


Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi.


Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.


Olar öz ýagdaýlarynyň ýetdiginden gurluşyk hazynasyna ýigrimi bäş batman altyn, ýüz elli batman kümüş we ýüz laý ruhany eşigini berdiler.


Olar ýerli halklardan gorkansoňlar, gurbanlyk sypasyny öňki ýerinde ýasadylar. Olar gurbanlyk sypasynda ertirine we agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berdiler.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň.


Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler.


Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ