Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.
Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy.