Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.
Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.
Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.
Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.