Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.
Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.