Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Soňra Ezra Hudaýyň öýüniň öňünden gaýdyp, Elýaşybyň ogly Ýehohananyň öýüne bardy. Ol sürgünden gaýdyp gelenleriň biwepalygy üçin ýas tutup, gijäni çörek iýmän, suw içmän geçirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Соңра Эзра Худайың өйүниң өңүнден гайдып, Эляшыбың оглы Ехохананың өйүне барды. Ол сүргүнден гайдып геленлериң бивепалыгы үчин яс тутуп, гиҗәни чөрек иймән, сув ичмән гечирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 10:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Sürgünden gelenleriň ählisiniň Iýerusalime ýygnanmalydygy barada Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi.


Sürgünden gaýdyp gelenleriň bu eden hyýanaty sebäpli, Ysraýyl Hudaýynyň aýdan sözlerinden gorkup sandyraşýanlaryň bary meniň daşyma üýşdüler. Men agşam gurbanlygyna çenli gaýgy-gama batyp oturdym.


Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.


Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy.


Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.


Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi.


Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.


Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.


Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ