Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Инди болса ата-бабаларыңызың Худайы Реббиң өңүнде гүнәлериңизи боюн алып, онуң эрк-ислеглерини ерине етириң. Өзүңизи бу ериң халкларындан ве кесеки халклардан алан аялларыңыздан айры тутуң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 10:11
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Onsoň ruhany Ezra ýerinden galyp, olara: «Siz keseki halklardan bolan aýallara öýlenip günä etdiňiz. Siz Ysraýylyň ýazygyny artdyrdyňyz.


Muňa bütin mähelle gaty ses bilen şeýle jogap berdi: «Dogry, biz seniň aýdanlaryňy hökman ýerine ýetirmelidiris.


Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin.


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Halk bu kanuny eşidip, keseki milletlerden bolanlaryň baryny Ysraýyldan bölüp aýyrdy.


Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi amal edýän, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn.


Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ