Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Араңызда Худайың халкындан боланыңыз бар болса, гой, Худайы онуң билен болсун. Олар Яхуданың Иерусалим шәхерине гитсин-де, Ысрайыл Худайы Реббе – Иерусалимдәки Худая ыбадатхана гурсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 1:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi.


«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň.


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».


Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.


Ýöne Babyl patyşasy Kureş öz patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi.


Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?»


Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýahudylaryň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ