Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Парс патышасы Курешиң патышалыгының биринҗи йылында Ермея аркалы аян эдилен Реббиң сөзүниң амала ашмагы үчин, Реб Куреш патышаның шейле перман чыкарып, оны тутуш патышалыгына җар этмеги онуң калбына салды:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 1:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Olar bilen birlikde ählisi galkanly, demir tuwulgaly bolan pars, Efiopiýa we Put halklaryny,


Kureş patyşanyň şalygynyň birinji ýylyna çenli Danyýel şol ýerde köşkde hyzmat etdi.


Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.


Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!


Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.


Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ