Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Араңызда неҗис ишлер эдйәндигиңиз үчин, өз тутан ёлларыңыза гөрә җезаландырарын. Гөзүм гайгырмаз, хайпым гелмез. Шонда өзүңизи җезаландыраның Мен-Ребдигими билерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 7:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».


Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi.


Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».


Olar haýasyzlygyňyzy öz üstüňize ýüklärler. Siz butlaryňyzyň günäsiniň jezasyny çekersiňiz. Şonda siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz».


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.


Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.


Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!


Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.


Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ