Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 40:7 - Mukaddes Kitap

7 Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хер хүҗрәниң узынлыгы-да, ини-де бир өлчег таягыды. Хүҗрелериң аралыгы бәш тирсекди. Худайың өйүне тарап бакян эйваның янындакы гапының босагасының узынлыгы бир өлчег таягыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 40:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.


Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.


Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.


Bu zatlary Rebbiň öýüniň otaglarynda baş ruhanylaryň we lewileriň Iýerusalimdäki Ysraýyl urugbaşylaryna gowşurýançaňyz, olary berk gorap saklaň».


olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.


Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi.


Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.


Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.


Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.


Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.


Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy.


Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ