Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онуң дашыны габа, гаршысына беркитмелер сал, диварына чыкмак үчин япгыт гур; дүшелгелер дик, төверек-дашында дивар йыкян пүрслер ерлешдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 4:2
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.


Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar.


Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.


Soňra demirgazyk patyşasy berk diwarly şähere gelip, onuň diwarlaryna çykmak üçin ýapgyt gurar we bu şäheri basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez.


Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ