Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ол маңа шейле дийди: «Эй, ынсан оглы, Мен сени гаршыма баш гөтерен питнечи миллет болан ысрайыл халкының арасына иберйәрин. Шу гүне ченли олар ве оларың ата-бабалары Маңа гаршы болуп гелдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 2:3
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Onsoň Ýermeýa halka, erkeklere we aýallara, ýagny özüne jogap berýän ähli halka şeýle diýdi:


«Siziň özüňiziň, ata-babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, ýolbaşçylaryňyzyň, ýurduň halkynyň Ýahuda şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde tütetgi ýakanyňyzy Reb ýadyndan çykardymy? Mundan Onuň habary ýokmudyr?


«Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.


«Indi pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi.


Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.


Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».


Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.


Ata-babalaryňyzyň döwründen bäri siz Meniň parzlarymdan ýüz öwrüp, olary berjaý etmeýärsiňiz. Maňa tarap öwrüliň, Menem size tarap öwrülerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Emma siz: «Biz nädip öwrüleli?» diýýärsiňiz.


Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ