Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Uly ganatly we köp ýelekli başga bir äpet bürgüt bardy. Ine, ýaňky üzüm agajy öz ekilen keşinden oňa tarap köklerini egreltdi. Suwarsyn diýip, şahalaryny oňa tarap sallady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Улы ганатлы ве көп елекли башга бир әпет бүргүт барды. Ине, яңкы үзүм агаҗы өз экилен кешинден оңа тарап көклерини эгрелтди. Суварсын дийип, шахаларыны оңа тарап саллады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 17:7
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.


Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?


Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy.


Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“».


Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ