Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Эзекиел 15:8 - Mukaddes Kitap

8 Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Онсоң оларың Маңа дөнүклик эдендиги үчин юрды хараба өврерин». Муны Хөкмүрован Реб диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Эзекиел 15:8
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn.


Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.


Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ