8 Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
8 Онуң еке Өзи гөги яратды, Ол деңиз толкунларының үстүнде гезйәр.
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.
Gökler Onuň demi bilen gözel boldy, aždarhany eli bilen ýok etdi.
Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar.
guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.
Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi? Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?
Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?
Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,
Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?
«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».
Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.
Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
Olar gaýykly bäş-alty çakrym ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular.