Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, gazabyna daglary ters düňderýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ол даглары еринден сүйшүрйәр, йөне муны билмейәрлер, газабына даглары терс дүңдерйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 9:5
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.


Magdançylar gaýalary agtaryp, daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.


Hudaý olaryň etmişlerini bilip, bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.


Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli!


Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.


Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.


Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!


Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.


Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?


Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ