Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 9:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худай пайхаслыдыр, гудратлыдыр, Онуң гаршысына гидип, Ондан үстүн чыкан бармыдыр?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 9:4
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.


Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.


Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?


Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy.


Hudaý gudraty bilen güýçlüleri ýere çalýar, olar beýgelseler-de, ýaşamaga umytlary galmaz.


«Hudaý gudratly we haýbatlydyr! Gökde asudalygy berýän Oldur.


Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, onuň mekanyny diňe Ol bilýär.


Elbetde, Hudaý gudratly, hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.


Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.


Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?


Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?


Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.


Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur. Kim Meniň öňümde durup biljek?


Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.


Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?


Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.


Eý, Iýerusalim, eger seni unutsam, goý, elim hünärini unutsyn.


Özüňe garşy çykanlary beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, olary saman dek ýakýaň.


Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.


Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?


Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.


Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ