30 Gar suwuna ýuwnup, ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
30 Гар сувуна ювнуп, эллерими ашгар билен тәмизлесем-де,
Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,
Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar? Günäsizlikden näme peýda gördüm?“ diýýärsiň.
Sen meni laý çukura taşlarsyň, hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».
Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny, durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?
Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.