Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler!
Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.