Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 9:24 - Mukaddes Kitap

24 Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Дүнйә эрбетлериң элине берлендир, дүнйә казыларының гөзлерини баглаян Олдур. Эгер Ол болмаса, онда ким?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 9:24
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler.


Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.


Men nähak bolsam, ýalançylygymy kim subut etjek? Kim sözlerimiň dereksizdigini görkezjek?»


Hudaý meni näletkerdeleriň, pisleriň eline berdi.


Ol hökümdarlary kemsidip, kazylary akmaklara öwürýär.


Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.


Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.


Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.


Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


„Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok. Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.


Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr, hormatlanýan onda ýaşaýandyr.


Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, jany hasratlylar perýat edýärler, emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ