Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Бигүнә болсам-да, өз дилим маңа хөкүм эдер, акйүрекли болсам-да, ол мени нәхак чыкарар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 9:20
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Günäli bolsam, dat günüme! Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok, çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.


Ýazygym torba salnyp möhürlener, etmişimiň üstüni örtersiň.


„Eýýup bilmezden gürleýär, onuň sözleri manysyz“ diýerler.


Eýýup biderek sözläp, hiç zat bilmezden gepini köpeldýär».


„Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?


Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.


«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?


ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.


Barybir höküm edilerin, näme üçin ýöne ýere jan edýän?


Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy, şindiden asyrlarboýy!


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.


Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar, egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ