Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.