14 Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin, jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
14 Онсоң мен Оңа нәдип җогап берип билейин, җеделлешмәге сөзлери ниреден тапайын?
Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!
Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim, dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.
Dogruçyl adam huzurynda Onuň bilen dawalaşyp biler, men Hökümdarymyň ýanynda hakykat gazanardym.
onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!»
Başarsaň, maňa jogap ber, jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!
Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
Çünki Oňa jogap bererim ýaly, kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!