13 Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.
13 Худай газабындан дөнмез, Рахабың көмекчилери Онуң аяк астына дүшйәр.
Güýji bilen deňzi togtatdy Ol, äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen.
Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meň ömrüm.
Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.
Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.
Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?