Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Хей-де, Худай адалаты бозянмыдыр? Гудратыгүйчли хакыкаты ёйянмыдыр?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 8:3
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».


Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?


şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.


„Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok. Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.


Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“


Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.


Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.


Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär, Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.


Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?


Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.


Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.


„Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?


«Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.


Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.


«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?


Ýöne seniň ildeşleriň „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl.


Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!»


Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ