Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.
Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».
Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».