Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.
Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.
«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?