Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?
Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.
Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn: siz hökman heläk bolarsyňyz.