6 Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
6 Тагамсыз зат дузсуз ийилйәрми? Юмуртганың агында тагам бармы?
Agzyň tagamy dadyşy deý, gulagam sözleri seljermezmi?
«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
Dogry sözler güýçlüdir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»
Gulan otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
Beýle naharlara işdäm ýok, bular ýüregimi bulaýarlar.
Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.
Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz.
Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berler?
Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.