Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 6:10 - Mukaddes Kitap

10 Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Бу маңа теселли боларды, гүйчли дерт ичинде хем бегенердим, чүнки мен Мукаддес Боланың сөзлерини рет этмедим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 6:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki sen: „Taglymatym sapdyr, men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.


Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?


Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr, hemmeler olaryň yzyna düşerler, olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.


Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, sözlerini ýüregiňde sakla.


Hudaýy ädimme-ädim yzladym, Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.


Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.


Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar, joşup, şowhun edýärler.


Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ