8 Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym.
8 Мен болсам Худая йүз тутардым, давамы Оңа табшырардым.
Ýüregiňi Oňa bagyşlap, elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, men sizden kem däldirin.
Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, şonda haýyr taparsyň.
Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň.
Eger Hudaýy agtarsaň, Gudratygüýçlä ýalbarsaň,
Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!
Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.
Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.