25 San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
25 Сан-саҗаксыз несил гөрерсиң, зүрятларың яйладакы отлар кимин болар.
Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.
Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.
Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!
Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».
Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn.
Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.