Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.
Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.
Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.
Dawut alty ýüze golaý adamy bilen bile Kegiladan çykdy. Olar baryp bilen ýerlerine çenli saklanman ýörediler. Dawudyň Kegiladan gaçandygyny eşidende, Şawul ol ýere gitmek niýetinden el çekdi.