Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 42:6 - Mukaddes Kitap

6 Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Мунуң үчин өзүми йигренип, башымдан гумдур күл совруп тоба эдйәрин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 42:6
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Hudaý meni laýa batyrdy, toza, küle döndüm men.


Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.


Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.


Sen meni laý çukura taşlarsyň, hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.


Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ