Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 42:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб Эйюбың соңкы дурмушыны өңки дурмушындан-да хас берекетли этди. Онуң он дөрт мүң гоюн-гечиси, алты мүң дүеси, мүң җүбүт өкүзи ве мүң уркачы эшеги барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 42:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi.


Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.


Öňüň ujypsyz-da bolsa, soňuň beýik bolar.


Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.


«Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr.


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ